ALAK SÜRESI
Ayet Sayısı 19
بِسْــــــــــــــــــــــمِ اﷲِارَّحْمَنِ ارَّحِيم
ٱقْرَأْ بِٱسْمِ رَبِّكَ ٱلَّذِى خَلَقَ ﴿١﴾ خَلَقَ ٱلْإِنسَٰنَ مِنْ عَلَقٍ ﴿٢﴾ ٱقْرَأْ وَرَبُّكَ ٱلْأَكْرَمُ ﴿٣﴾ ٱلَّذِى عَلَّمَ بِٱلْقَلَمِ ﴿٤﴾ عَلَّمَ ٱلْإِنسَٰنَ مَا لَمْ يَعْلَمْ ﴿٥﴾ كَلَّآ إِنَّ ٱلْإِنسَٰنَ لَيَطْغَىٰٓ ﴿٦﴾ أَن رَّءَاهُ ٱسْتَغْنَىٰٓ ﴿٧﴾ إِنَّ إِلَىٰ رَبِّكَ ٱلرُّجْعَىٰٓ ﴿٨﴾ أَرَءَيْتَ ٱلَّذِى يَنْهَىٰ ﴿٩﴾ عَبْدًا إِذَا صَلَّىٰٓ ﴿١٠﴾ أَرَءَيْتَ إِن كَانَ عَلَى ٱلْهُدَىٰٓ ﴿١١﴾ أَوْ أَمَرَ بِٱلتَّقْوَىٰٓ ﴿١٢﴾ أَرَءَيْتَ إِن كَذَّبَ وَتَوَلَّىٰٓ ﴿١٣﴾ أَلَمْ يَعْلَم بِأَنَّ ٱللَّهَ يَرَىٰ ﴿١٤﴾ كَلَّا لَئِن لَّمْ يَنتَهِ لَنَسْفَعًۢا بِٱلنَّاصِيَةِ ﴿١٥﴾ نَاصِيَةٍ كَٰذِبَةٍ خَاطِئَةٍ ﴿١٦﴾ فَلْيَدْعُ نَادِيَهُۥ ﴿١٧﴾ سَنَدْعُ ٱلزَّبَانِيَةَ ﴿١٨﴾ كَلَّا لَا تُطِعْهُ وَٱسْجُدْ وَٱقْتَرِب۩ ﴿١٩﴾ [سُورَةُ الْعَلَقِ :: ١-١٩]
Rahman we Rahym bolan Allahyñ ady bilen
1.2. Ýaradan Rabbyň ady bilen oka! Ol ynsany “alakdan”(embriýodan) ýaratdy. 3. Oka! Seniň Rabbyň iň jomart bolanydyr. 4.5. Ol, ynsana galam bilen ýazmagy öwredendir. Ynsana bilmeýänini öwredendir. 6.7. Ýok, ynsan özüni ýeterli görenligi sebäpli hökman azgynlyk eder. 8. Şübhesiz dolanyp baryljak ýer diňe Rabbyňadyr. 9.10. Sen namaz kylanda bir guly, gördüňmi şu (mundan) gadagan edeni. 11.12. Gördüňmi? Ýa ol gul hak ýolda bolsa, ýa-da erbetlikden säginmegi buýurýan bolsa? 13. Päsgel beren, pygamberi ýalanlan we ýüz öwüren bolsa näme diýersiň?! 14. Ol Allahyň, ähli zady görýändigini bilmeýärmi? 15.16. Ýok. Eger-de edýän işinden ýüz dändirmese, hökman ony maňlaý saçyndan, ol, günäkär maňlaý saçyndan tutup alarys. 17. Hany onda tarapdarlaryny çagyrsyn. 18. Biz hem zebanileri çagyrarys. 19. Ýok! Sen oňa hiç uýma, Rabbyňa sejde et we ýakynlaş!(sejde)