Türkmenim Amalym Gurhan

FATIHA SÜRESI

Ayet Sayısı 7

بِسْــــــــــــــــــــــمِ اﷲِارَّحْمَنِ ارَّحِيم

اَلْحَمْدُ لِلّٰهِ رَبِّ الْعَالَم۪ينَۙ (2) اَلرَّحْمٰنِ الرَّح۪يمِۙ ﴿3﴾ مَالِكِ يَوْمِ الدّ۪ينِۜ ﴿4﴾ اِيَّاكَ نَعْبُدُ وَاِيَّاكَ نَسْتَع۪ينُۜ ﴿5﴾ اِهْدِنَا الصِّرَاطَ الْمُسْتَق۪يمَۙ ﴿6﴾ صِرَاطَ الَّذ۪ينَ اَنْعَمْتَ عَلَيْهِمْۙ غَيْرِ الْمَغْضُوبِ عَلَيْهِمْ وَلَا الضَّٓالّ۪ينَ﴿7﴾[سورة الفاتحة:: 7-1]

Mekge döwründe inýär.Ýedi aýatdan ybaratdyr. Keramatly Gurhanyň ilkinji süresi bolandygy üçin, oňa “başlangyç, açylyş” manysyndaky “Fatiha” ady berilýär. Mundan başga-da bu süräniň “Ümmü’l-Kitab” (Kitabyň özeni), “es-Seb’ul-Mesânî” (Gaýtalanýan ýedi aýat), “el-Esâs”, “el-Wâfiýe”, “el-Kâfiýe”, “el- Kenz”, “eş-Şifâ”, “eş-Şükr” we “es-Salât" ýaly atlary-da bardyr. Gurhanyň tutuşlygyna öz içine alýan esaslary gysgaça görnüşde “Fatiha” süresinde bardyr. Çünki, öwmägä we beýgeltmäge mynasyp ýeke-täk Allahyň barlygy, onuň hemme zada häkimligi, ýeke-täk oňa ybadat edilýändigi, diňe oňa gulluk edilip, ýeke-täk ondan kömek soraljakdygy bu sürede gysgaça görnüşde beýan edilýär. Şol bir wagtyň özünde-de “Fatiha” süresi başdan-aýak deňi-taýy bolmadyk örän täsin dogadyr, ol beýik Biribardan dileg edilýän hemaýat doga-dilegidir.

Rahman we Rahym bolan Allahyñ ady bilen

2.- 4.Hamd, älemleriň Rabby, Rahman, Rahym, hasabat we jeza gününiň(ahyrýet gününiň) eýesi Allaha mahsusdyr. 5.(Eý Allahym!) Diňe saňa ybadat ederis we diňe senden ýardam diläris. 6.7.Bizi dogry ýola, özlerine nygmat berenleriňiň ýoluna sal! Gazaba uçranlaryň we hak ýolundan çykanlaryň ýoluna däl.


1-Hamd: Älemleriň Rabby bolan Allaha sagbolsun aýtmaklyk manysynda şükür etmekdir.