Türkmenim Amalym Gurhan

ŞEMS SÜRESI

Ayet Sayısı 15

بِسْــــــــــــــــــــــمِ اﷲِارَّحْمَنِ ارَّحِيم

وَٱلشَّمْسِ وَضُحَىٰهَا ﴿١﴾ وَٱلْقَمَرِ إِذَا تَلَىٰهَا ﴿٢﴾ وَٱلنَّهَارِ إِذَا جَلَّىٰهَا ﴿٣﴾ وَٱلَّيْلِ إِذَا يَغْشَىٰهَا ﴿٤﴾ وَٱلسَّمَآءِ وَمَا بَنَىٰهَا ﴿٥﴾ وَٱلْأَرْضِ وَمَا طَحَىٰهَا ﴿٦﴾ وَنَفْسٍ وَمَا سَوَّىٰهَا ﴿٧﴾ فَأَلْهَمَهَا فُجُورَهَا وَتَقْوَىٰهَا ﴿٨﴾ قَدْ أَفْلَحَ مَن زَكَّىٰهَا ﴿٩﴾ وَقَدْ خَابَ مَن دَسَّىٰهَا ﴿١٠﴾ كَذَّبَتْ ثَمُودُ بِطَغْوَىٰهَآ ﴿١١﴾ إِذِ ٱنۢبَعَثَ أَشْقَىٰهَا ﴿١٢﴾ فَقَالَ لَهُمْ رَسُولُ ٱللَّهِ نَاقَةَ ٱللَّهِ وَسُقْيَٰهَا ﴿١٣﴾ فَكَذَّبُوهُ فَعَقَرُوهَا فَدَمْدَمَ عَلَيْهِمْ رَبُّهُم بِذَنۢبِهِمْ فَسَوَّىٰهَا ﴿١٤﴾ وَلَا يَخَافُ عُقْبَٰهَا ﴿١٥﴾ [سُورَةُ الشَّمْسِ :: ١-١٥]

Kadir süresinden soňra, Mekge-de indirilendir. 15 (on bäş) aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda geçen “şems” “güneş” manysyna gelýän sözünden alandyr. Bu sürede ynsanlaryň ýaradylyşyndan we ynsanlardaky ýagşylyk we ýamanlyk bolmagyndan gürrüň berýär.

Rahman we Rahym bolan Allahyñ ady bilen

1. Güneşe we onuň yşygyna, 2. Onuň yzyndan gelýän Aýa, 3. Ony orta çykaran gündize, 4. Ony bürän gijä, 5. Göge we ony ýaradana 6. Ýere we ony serip ýazana, 7. Kişä we ony şekillendirene 8. Soňra-da oňa ýamanlyk we ýagşylyk başarnyklygy (ukybyny) berene kasam bolsun! 9. Elbetde nebsini tämizlän halas bolandyr. 10. Özüni erbetliklere gömüp, kirleden bolsa zyýana galandyr. 11. Semud kowmy, azanlygy sebäpli ýalanlady. 12. Hany olaryň azgyn bolany öňe çykanda, 13. Allahyň Resuly hem olara şeýle diýipdi: “Allahyň düýesine we onuň suw içme hakyna degmäň!” 14. “Emma olar, ony ýalanladylar we düýäni soýdylar. Rablary hem günäleri sebäpli olary heläk etdi we ol ýeri ýer bilen ýegsan etdi. 15. Allah munuň netijesinden hem gorkmazdy”diý!