Türkmenim Amalym Gurhan

TEKASÜR SÜRESI

Ayet Sayısı 8

بِسْــــــــــــــــــــــمِ اﷲِارَّحْمَنِ ارَّحِيم

أَلْهَىٰكُمُ ٱلتَّكَاثُرُ ﴿١﴾ حَتَّىٰ زُرْتُمُ ٱلْمَقَابِرَ ﴿٢﴾ كَلَّا سَوْفَ تَعْلَمُونَ ﴿٣﴾ ثُمَّ كَلَّا سَوْفَ تَعْلَمُونَ ﴿٤﴾ كَلَّا لَوْ تَعْلَمُونَ عِلْمَ ٱلْيَقِينِ ﴿٥﴾ لَتَرَوُنَّ ٱلْجَحِيمَ ﴿٦﴾ ثُمَّ لَتَرَوُنَّهَا عَيْنَ ٱلْيَقِينِ ﴿٧﴾ ثُمَّ لَتُسْـَٔلُنَّ يَوْمَئِذٍ عَنِ ٱلنَّعِيمِ ﴿٨﴾ [سُورَةُ التَّكَاثُرَ :: ١-٨]

“Kewser” süresinden soňra, Mekge-de indirilendir. 8 (sekiz) aýatdan ybaratdyr Tekasür, köplük sany bilen bäsleşmek we bu köpçülik bolanlary bilen öwünmeklikden gürrüň berilýär. Bu sürede esasanam Araplaryň çagalary, garyndaşlary, tire-taýpalary, baylyklary bilen öwünmekleri taňkyt edilip, hakyky öwünmekligiň ahyretde imany bolanlara boljaklygyny habar berýär.

Rahman we Rahym bolan Allahyñ ady bilen

1.2. Köplügiňiz bilen öwünmeklik, sizi gabyrlara barýança güýmedi. 3. Ýok, geljekde bilersiňiz! 4. Ýok, ýok! Geljekde bilersiňiz! 5. Ýok, anyk bir maglumaty bilen bilsediňiz. 6. Kasam bolsun! Elbetde ol jähennemi görersiňiz! 7. Ýene-de kasam bolsun! Ony (ahyrýetde) açyk gözüňiz bilen görersiňiz! 8. Soňra ol gün, elbetde size berlen ähli nygmatlardan hasabata çekilersiňiz!