Mukaddes kitaplar we Gurhan kitaby barada gysgaça maglumat:
- Musa pygambere Töwrat kitaby,
- Dawut pygambere Zebur kitaby,
- Isa pygambere Injil kitaby,
- Muhammed pygambere Gurhan kitaby berildi.
Ähli pygamberlere döwrüne görä kitap ýa da köp sahypaly bölekleýin wagyzlar indirilipdir. Gurhanda ady geçen pygamberler 25 sany. Gurhanda ady bolmadyk ýöne rowaýatlara görä bolsa 124.000 müñ pygamber dünýä döredilenden bäri gelip geçipdir. Iñ ahyrky pygamber bolsa Muhammed pygamberdir. Mundan soñ pygamber gelmändir we mundan beýlägem gelmez.
Gurhanda ady geçen we arap dilinde ýazylyşy boýunça Türkmen elipbisinde ýazyldy.
- Adem pygamber
- Idris pygamber
- Nuh pygamber
- Hud pygamber
- Salih pygamber
- Ibrahim pygamber
- Lut pygamber
- Ismail pygamber
- Ishak pygamber
- Ýakup pygamber
- Ýusuf pygamber
- Eýýup pygamber
- Şuaýb pygamber
- Musa pygamber
- Harun pygamber
- Dawud pygamber
- Süleýman pygamber
- Ilyas pygamber
- Elýasa pygamber
- Zülkifl pygamber
- Ýunus pygamber
- Zekeriýa pygamber
- Ýahya pygamber
- Isa pygamber
- Muhammed pygamber
Mukaddes Gurhan kitaby Muhammed pygamberimize 40 ýaşyndaka wahiý bilen(dört sany uly perişdäniñ biri jebraýyl perişde) ilkinji gezek gelmegi oraza aýynda Hira dagynda(gowagynda) bolupdyr. Şol günden başlap Gurhan 23 ýyllap indirilmäge dowam etdi.
ESASY DÖRT PERIŞDE
1. JEBRAÝYL: dört sany uly perişdäniñ biri bolup,Allah bilen pygamber arasyndaky habarlary ýer-ýüzündäki ilçisine (pygamberine) ýetirýän jebraýyl perişde. Jebraýyl perişde pygamberimize ses görnüşinde ýa da adam keşbinde görnip Allahdan aýdylan zatlary, maglumatlary habarlary ýetirýärdi.
2. AZRAÝYL: Adamlaryñ janyny alýan perişdedir. (Şeýle rowaýatda; Beýik Allah ähli perişdelere etmeli işini paýlanda, Azraýýl perişde adamlaryñ janyny men alýan bolsam meni ýigrenerler diýip Allaha ýüzlenipdir. Allah hem senden bolýandygyny añşyrmaz ýaly ýatdan çykarar ýaly sebäp ýaradaryn diýipdir. Hakykatdanam bir adam aradan çykanda ajaly ýetipdir diýýän azdyr. Gaýtam bahanasyny aýtýarlar:
Mysal üçin ýol heläkçiligie uçrap ölüpdir, rak keselden, gan basynjyñ ýokary galmagy, ýürek agrydan, suwa gaçyp ölüpdir we şuña meñzeşler)
3. Mikail: Allahyñ rugsady bilen howanyň klimaty ýagdaýy bilen gar ýagdyrmak, howany maýyl etmek, ýagyş ýagdyrmak we şuña meñzeş ähli howa şertleri apy tupandyr, umuman tebigat hadysalarydyr.
4. Israfil: iki gezek howa üfleýär. Birinjisi kyýamat apy tupan turmazdan ozal üflär we ynsanlar howadan alýan demi arkaly ysgap essinden gider. Soñky gezek bolsa kyýamat bolandan soñ ynsanlaryñ direlmegi üçin üflemegidir.
Jebraýyl perişde Muhammed pygambere şeýle diýdi. Allanyñ ilkinji buýrugy “oka” diýdi, pygamberimiz dagyrdaýan sesi bilen men okamak bilemok diýdi. Perişde ony gujaklap ysgyny gaçýança gysdy we ýenede şol sesi bilen “oka” diýdi. Pygamberimiz ýenede men okamak bilemok diýdi. Perişde başdan aýaga gysandan soñ “oka” diýdi. Üçünji gezeginde näme okaýyn diýen wagty, perişde oña ýaradan Rabbyň adyna oka diýdi we Alak süresiniñ ilk bäş aýatyny wahýetdi we pygamberimiz şol aýatlary gaýtalady. Gurhan oraza aýynda gadyr gijesi doly indirildi. Bu barada Bakara süresiniñ 185 aýaty şaýatlyk etýär. Gurhan 23 ýylda inmeginiñ sebäbi, döwründe bolan hadysadyr, ýüze çykan ýagdaýlar (söweşler, halkyň ýaşaýan ýerinden mejbury ýagdaýda başga ýere göçmegi) ýaly waka görä bölüm ýa da bölümçeler görnüşinde indirilmegidir. Gurhan ilki bada matanyñ ýüzüne, ýapraga, kagyza, hurma şahasyna, ýuka daşlara, derä, haýwanlaryň pilçe süñkine, gapyrga süñkine, agajyñ gabygyna ýazylypdyr.
Dört çaryýar: Muhammed pygamberimizden soñ halyfa bolan yurt dolanyşygynyñ baştutanlary.
Gurhan kitaby, Hezreti Ebubekir (dört çaryýardan biri) döwründe jemlendi we kitap nushasy edildi.
- Hezreti Ebubekir (Türkmençilikde Ebabekir hem diýilýär).
- Hezreti Ömer (Türkmençilikde Omar hem diýilýär).
- Hezreti Osman
- Hezreti Ali
Gurhan kitaby esasanam, ilkinji gezek Hezreti Osman halyfa döwründe şu günki häzirki zamandaky ýagdaýyna laýyk edilipdir. Şol döwrüñ alymlary, karylary (gurhany ýatdan bilýän adamlardan) komisiýa düzülip ýokarda agzalan zatlara ýazylan gurhan sürelerini, aýatlaryny ýekän ýekäñ gözden geçirip gurhan kitabyny emele getirýärler.
Aýat: türkmençe aýdylanda bir sözleme diýilýär. Bir aýat bolanda gurhandan bir sözlem oka diýmek bolýar. Gurhanda 6236 aýat bar.
Süre: Türkmençe aýdylanda bir temanyñ ady görnüşinde diýsegem bolar. Gurhanda jemi 114 sany süre bar.
Jüz: Arap dilinde parça, bölüm, bölümçe diýmeklik bolýar. Gurhanda 600 sahypa we jemi 30 jüz bardyr. Her 20 sahypanyň jemine bir jüz diýilýär.
Muhammed pygamber, ilki bilen dogan garyndaş, daş töweregine Allahy we dini düşündirmäne başlady. Gurhan adamlaryñ añ düşünjesine, akyl huşuna, düşünjesine ähli tarapdan esasy meselelerde jogap berýär. Esasy bolmadyk we jogap bermedik ýerinde bolsa gurhan aýatlaryna laýyklykda tabyn bolmak bilen pygamerimiziñ aýdan sözlerine (Hadis) gulak salynýar. Muña mysal gurhanda namaz okañ diýilýär emma nähili haýsy wagtda okaljagyny bolsa Muhammed pygamerimiz hadislerinde aýdyp düşündiripdir. Gurhan kitaby özünden ozalkylara Allah tarapyndan indirilen kitaplary hem öz içine alýar we olaryñ dowamy hökmünde bütew bolup hyzmat etýär. Gurhan: adamlary dini taýdan, hukuky taýdan, ahlaky taýdan, jemgyýeti taýdan, durmuş taýdan terbiýläp ýola goýup, adamlaryñ uýmaly düzgünnamasy diýip hasap edip bileris.
Hadis: Muhammed pygameriñ Allahdan alyp aýdan sözlerine, gurhanyñ aýatlary esasynda ýorgutlaryna hem de öz durmuşyndan dini ýagdaýlar bilen baglanyşykly aýdanlaryna hadis diýilýär.
Allahyň 99 ady bar. Allah ady hem 99 adyndan birisi bolup arap hatynda (الله) ýazylýar. Türkmençilikde biz ahyryndaky (ﻫ)h harpyny basyp aýtmaýanlygymyz ýa da doly düşünmänligimiz üçin Alla diýýäris. Şol sebäpli Allah deregine nädogry we ýalňyş Alla diýip ýatlap ulanýarys. Halk arasynda Allaha şükür diýen wagtymyz h harpy ulanyp dogry aýtýarys. Arap dilinden mukaddes Gurhan kitabymyza görä Allah diýip aýtmaly.
Gurhanda 14 sürede sejde aýaty bar.
- Araf süresi 206-njy aýatynda
- Rad süresi 15-nji aýatynda
- Nahl süresi 49-njy aýatynda
- Isra süresi 107- nji aýatynda
- Merýem szresi 58-nji aýatynda
- Haj süresi 18-nji aýatynda
- Furkan süresi 60-njy aýatynda
- Neml süresi 25-nji aýatynda
- Sejde süresi 15-nji aýatynda
- Sad süresi 24-nji aýatynda
- Fussilet süresi 37-nji aýatynda
- Nejm süresi 62-nji aýatynda
- Inşikak süresi 21-nji aýatynda
- Alak süresi 19-njy aýatynda geçýär.
Gurhany okaýan musulman 14 ýerde geçen sejde sürelerinde arap dilinde (tilawet) diýleni ýagny okamaklyk manysynda şol aýatlary okanda ýa da gurhany okap bolansoň tähretli bolup kybla tarap ýönelmeli we ellerini ýokary galdyrman, Allahü ekber diýip göni sejdä barmaly we bir gezek sejde edilýär. Namazlardaky ýaly iki gezek sejdä barylmaýar. Sejde de
3 gezek subhana rabbiýel aala diýip ýenede kyýama gönelip dik durup
Gufraneke rabbena we ileýkelmasyr diýmeli.
Şeýlelik bilen sejde aýatynda okamalysyny bir aýat üçin okadygymyz bolýar. Gurhanda sejde aýatyny okanlygymyz üçin Allahy ýatlap sejde tilaweti okamak sogapdyr.